
- Türkmençe 226 -
9
Dolandyryş nurbadyny öçürilen ýagdaýyna aýlaň. Gyzgyn buguň endamyňyzy
ýakmagynyň öňüni almak üçin bug çykalgasyndan buguň çykmagy kesilýänçä
2 minut garaşyň.
Bellik: Eger azyk önümleriniň başga bir toplumyny buglamak isleýän bolsaňyz, täzeden
buglamaga başlamazdan ozal enjamyň 10 minutlap sowamagyna maý beriň.
10
Buglanan iýmiti blenderden geçirmek arkaly dowam etmek isleseňiz, aşakdaky
«Bulgamakdan soň blenderlemek» bölümindäki gözükdirijileri berjaý ediň.
11
Adaty şertlerde, buglaýyşdan soň suw gabynda hiç hili suw galmaýar. Muňa
garamazdan, käbir ýagdaýlarda (meselem, suw gabynyň içinde galyndy emele
gelen bolsa, buglaýyş prosesinde päsgelçilik dörän bolsa ýa-da maksadalaýyk
ulanylmadyk bolsa), suw gabynda käbir mukdarda suw galyp biler. Şeýle
ýagdaýda, bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni almak üçin ulanyşdan soň dessine suw
gabyny doly arassalaň. Suw gabynyň kesmegini aýyrmak üçin «Arassalamak we
abatlamak» bölümine serediň.
Bulaýyşdan soň blenderlemek
1
Golçanyň sapyndan tutuň we golçany hereketlendiriji bölüminden aýryň. Golçany
başaşak aýlaň we iýmitiň pyçak toplumynyň üstüne gaçmagy üçin golçany silkiň.
Golçanyň diňe tutawajyndan tutuň. Golçanyň gapagy, aşagy we daş ýüzi gyzgyn
bolýar.
Содержание AVENT SCF870
Страница 1: ...SCF870 ...
Страница 266: ... 2022 Koninklijke Philips N V All rights reserved 12 04 2022 ...