
- Türkmençe 216 -
-
Enjam buglaýan wagty örän gyzgyn bolýar we oňa degilse,
ýanyklara sebäp bolup bilýär. Golçany diňe tutawajyndan
tutmak arkaly ýokary galdyryň.
-
Buglaýan wagtyňyz we gapagyny açanyňyzda golçadan çykýan
gyzgyn bugdan ägä boluň.
-
Gapagyny açanyňyzda suw gabynyň suw guýulýan agzyndan
çykýan gyzgyn bugdan ägä boluň.
-
Buglamak işi tamamlananda hereketlendiriji bölüminiň bug
çykalgasyndan we golçadaky bug çykýan deşikden gyzgyn
buguň çykmagy biraz wagt dowam edýär. Golçany
hereketlendiriji bölüminden aýranyňyzda seresap boluň.
-
Enjam nädogry ulanylsa, suw guýulýan agzyndan gyzgyn bug
çykyp biler. Munuň öňüni almak ýa-da ony çözmek üçin
“Näsazlyklary anyklamak we çözmek” bölümine göz aýlaň.
-
Enjamyň hiç haçan gözegçiliksiz işlemegine ýol bermäň.
-
Hereketlendiriji bölümini abatlamak ýa-da arassalamak
maksady bilen dargatmaň. Ony bejertmek üçin ygtyýarly Philips
tehniki hyzmat merkezine eltiň.
Seresap boluň
-
Beýleki öndürijilerden alnan ýa-da Philips tarapyndan ýörite
maslahat berilmeýän aksessuarlary ýa-da şaýlary hiç haçan
ulanmaň. Şeýle aksessuarlary ýa-da şaýlary ulanan halatyňyzda
size berlen kepilligiň güýji ýitýär.
-
Enjamy işläp duran ýa-da henizem gyzgyn ojagyň ýa-da pejiň
üstünde goýmaň.
-
Enjamy arassalamazdan ozal ony elmydama tokdan aýryň we
sowamagyna maý beriň.
-
Golçany ýa-da enjamyň islendik başga bölegini hiç haçan
mikrotolkunly peçde ulanmaň, sebäbi golçanyň sapynyň we
pyçak toplumynyň metal bölekleri şeýle ulanmak üçin ýaramly
däl.
Содержание AVENT SCF870
Страница 1: ...SCF870 ...
Страница 266: ... 2022 Koninklijke Philips N V All rights reserved 12 04 2022 ...