
- Türkmençe 215 -
Möhüm
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny üns bilen okaň we geljekde gollanmak
üçin ýygnap goýuň.
Howp
-
Enjamyň hereketlendiriji bölümini suwa ýa-da başga islendik
suwuklyga çümdürmäň ýa-da ony kranyň aşagynda ýuwmaň.
Duýduryş
-
Enjamy toga dakmazdan ozal enjamyň üstünde görkezilen
güýjenmäniň ýerli elektrik ulgamyndaky güýjenme bilen gabat
gelýändigini barlaň.
-
Elektrik dürtgüjine, elektrik kabeline ýa-da enjamyň özüne
zeper ýeten bolsa, enjamy ulanmaň.
-
Eger-de elektrik kabeline zeper ýeten bolsa, howpuň öňüni
almak üçin onuň Philips, Philips ygtyýarly hyzmat ediş merkezi
ýa-da şoňa meňzeş ygtyýarly şahslar tarapyndan çalşylmagyny
üpjün etmelisiňiz.
-
Enjamy onuň howpsuz görnüşde ulanylmagy boýunça
gözegçilik edilýän we gözükdirijiler berlen bolsa, döräp biläýjek
howplara düşünen halatynda fiziki, duýgurlyk ýa-da akyl
başarjaňlyklary taýdan pes ýa-da tejribesi we habary bolmadyk
hem adamlar ulanyp biler�
-
Çagalar bu enjamy ulanmaly däl. Enjamy we onuň elektrik
kabelini çagalaryň eli ýetmejek ýerde saklaň.
-
Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
-
Enjam toga dakylgy wagty we ony arassalaýan wagtyňyz pyçak
toplumynyň kesgir gyralaryna degmäň. Kesgir gyralary iňňän
ýiti bolýar�
-
Pyçagy dykylyp galsa, pyçak toplumyna dykylan azyk
önümlerini aýyrmazdan ozal enjamyň elektrik dürtgüjini
tokdan aýryň.
Содержание AVENT SCF870
Страница 1: ...SCF870 ...
Страница 266: ... 2022 Koninklijke Philips N V All rights reserved 12 04 2022 ...