
- Türkmençe 222 -
Ilkinji gezek ulanmazdan öň
1
Ähli gaplaýyş materialyny enjamdan aýryň.
2
Motor bölüminden başga ähli ýölekleri arassalaň («Arassalamak we abatlamak»
bölümine serediň).
Enjamy ulanmak
Eger zerur bolsa, blenderlemek üçin goşmaça ingredientleri goşmak üçin gapagy
açmazdan ozal onuň sowandygyna göz ýetiriň. Golçada görkezilen aňryçäk derejeden
geçmäň.
Täze buglaýyş işine başlamak üçin täzeden doldurmazdan ozal suw gabyny boşadyň.
Buglamaga başlamazdan ozal elmydama ýaşyl pyçak toplumynyň ýokary gyrasyna
çenli iýmit bilen doldurylmandygyna göz ýetiriň.
Bu enjam çaga iýmiti üçin gerek bolan ter gaty ingredientleri buglamaga we
blenderlemäge niýetlenilýär. Käbir ülňüler üçin respt kitapçasyna serediň. Adatça siz
ingredientleri ilki buglamaly soňra blenderlemeli. Muňa garamazdan, enjamy diňe
blenderlemek ýa-da diňe buglamak üçin hem ulanyp bilýärsiňiz. Enjamy diňe blender
hökmünde ulananyňyzda «Suw gabyny doldurmak» we «Buglamak» bölümlerine ähmiýet
bermäň hem-de diňe «Blenderlemek» bölümindäki gözükdirijileri berjaý ediň.
Blenderleýişden soň, hiç haçan eýýäm blenderlenen iýmitleri buglamaň. Azyk önümleriniň
şol bir tapgyryny hiç haçan 20 minutdan köp ýa-da bir gezekden artyk buglamaň.
Bu enjam NIÝETLENILMEÝÄR:
– Iýmitleri eretmek
–
Doňdurylan iýmitleri buglamak
–
Eýýäm blenderlenen iýmitleri buglamak
–
Şol bir azyk önümlerini 20 minutdan köp buglamak
–
Tüwi we makaron bişirmek
–
Ingredientleri ilki blenderlemek we soňra buglamak
–
Suwuklyklary gyzdyrmak, meselem, çorba ýa-da suw
–
Iýmitileri birnäçe sagatlap ýyly saklamak
–
Iýmitleri täzeden gyzdyrmak
Содержание AVENT SCF870
Страница 1: ...SCF870 ...
Страница 266: ... 2022 Koninklijke Philips N V All rights reserved 12 04 2022 ...