162
TÜRKMENÇE
Howpsuzlyk üçin awto-öçüriş tertibi
-
Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 10 minutlap ulanylmasa, garaşýan tertibe geçýär. Açýan/
öçürýän düwmäniň awto-öçüriş çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar (Şekil 13).
-
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin açýan/öçürýän düwmäni basyň. Soňra enjam gaýtadan gyzyp
başlaýar.
Bellik: Howpsuzlyk üçin awto-öçüriş tertibinde wagty enjam doly öçürilmeýär. Enjamy öçürmek üçin
açýan/öçürýän düwmäni basyň.
Turbo bug
Has çalt ütüklemek we has köp mukdarda bug çykarmak üçin Turbo bugy ulanyp bilersiňiz.
1
Çyrasy ak reňkde ýanýança açýan/öçürýän düwmäni 2 sekuntlap basyp saklaň. (Şekil 14)
2
Turbo bugy öçürmek üçin ak çyra gök reňke öwrülýänçä düwmäni gaýtadan 2 sekuntlap basyp
saklaň.
Ütüklemek boýunça peýdaly maslahatlar
Guradýan wagtyňyz ýygyrtlary azaltmak
Geýimleri ýuwanyňyzdan soň olary endigan ýaýratmak we geýimleri asgyçlardan asmak arkaly tebigy
usulda guratmak arkaly ýygyrtlary aýyrmaga has ir, geýimleri guradýan wagtyňyzdan başlaň.
Köýnegi ütüklemegiň iň oňat täri
Ýakasy, birigýän ýerleri we ýeňleri ýaly köp wagt alýan ýerlerinden başlaň. Soňra, köp wagt alýan bölekleri
ütüklemek bilen başagaý wagtyňyz has uly böleklerinde ýygyrt döremeginiň öňüni almak üçin öňi we
arkasy ýaly uly böleklerini ütükläň.
Ýaka:
Ýakany ütükläniňizde aşak tarapyndan başlaň we daşyndan (ýiti ujundan) içine tarap ütükläň. Ters
aýlaň we gaýtalaň. Has aýyl-saýyl çyzyk üçin ýakany epläň we gyrasyndan basyň.
Ilikler:
Has netijeli we çalt ütüklemek üçin ilikleriň ters tarapyndan ütükläň.
Arassalamak we abatlamak
Enjamyňyzy talabalaýyk abatlamak üçin ütügi we enjamy yzygiderli arassalap duruň.
1
Enjamy çygly mata bilen arassalaň. Aýrylmasy kyn tegmilleri aýyrmak üçin az mukdarda gap-gaç
ýuwujy serişdeden peýdalanyp bilersiňiz.
2
Ütügiň dabanyndaky tegmilleri aňsatlyk bilen we netijeli görnüşde aýyrmak üçin enjamy işlediň
we onuň gyzmagyna maý beriň. Enjam gyzanynda bug goýberijini basyp saklamak bilen ütügi
çygly matanyň üstünde süýşüriň (Şekil 15).
Peýdaly maslahat: Tekiz ütüklemek üçin ütügiň dabanyny yzygiderli arassalap duruň.
MÖHÜM - ARASSALAMAK
EASY DE-CALC çyrasy ýanyp-öçüp başlan we enjam üznüksiz sesli duýduryş berip başlan dessine
kesmegini aýyrmak prosedurasyny ýerine ýetirmek iňňän möhüm bolup durýar.
Takmynan bir aý geçeninden ýa-da 10 gezek ütüklemek ýerine ýetirileninden soň enjamyň kesmegini
aýyrmalydygyny görkezmek üçin EASY DE-CALC çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar we enjam yzygiderli sesli
duýduryş berýär. Ütüklemäge dowam etmezden ozal aşakda görkezilen kesmegini aýyrmak
prosedurasyny ýerine ýetiriň.
Ýanyklaryň öňüni almak üçin kesmegini aýyrmak prosedurasyny ýerine ýetirmezden ozal enjamy
tokdan aýryň we onuň azyndan iki sagatlap sowamagyna maý beriň.
1
Elektrik dürtgüjini rozetkadan aýryň (Şekil 16).
2
Enjamy stoluň gyrasynda ýerleşdiriň.
Summary of Contents for PerfectCare Elite GC9600 Series
Page 170: ......