163
TÜRKMENÇE
3
Bulgury (göwrümi azyndan 350ml bolmaly) EASY DE-CALC nurbadynyň aşagynda tutuň we
nurbady sagadyň diliniň tersine aýlaň (Şekil 17).
4
EASY DE-CALC nurbadyny aýryň we kesmegiň bölejikleri bilen suwuň bulgura akmagyna maý
beriň (Şekil 18).
5
Enjamdan suw akmagy kesileninden soň EASY DE-CALC nurbadyny ýerine dakyň we ony
berkitmek üçin sagadyň diliniň ugruna aýlaň. (Şekil 19)
MÖHÜM – Ütügiň dabanynyň kesmegini aýyrmak
EASY DE-CALC funksiýasyny yzygiderli ulanmasaňyz, ütügiň dabanynda kesmegiň bölejikleri
ýygnanyp we ütük edeniňizde ütügiň dabanyndan goňur tegmiller çykyp biler. Şeýle ýagdaý ýüze
çyksa, aşakda görkezilen prosedurany berjaý etmek arkaly ütügiň dabanyndaky kesmegi aýyrmaly.
Ütügiň dabanyny has oňat arassalamak üçin prosedurany iki gezek gaýtalamagy maslahat berýäris.
Ýanyklaryň öňüni almak üçin enjamy tokdan aýryň we ütügiň dabanyndaky kesmegi aýyrmazdan
ozal onuň azyndan iki sagatlap sowamagyna maý beriň.
1
Elektrik dürtgüjini rozetkadan aýryň (Şekil 16).
2
Enjamy stoluň gyrasynda ýerleşdiriň.
3
Suw gabynyň boşdugyna göz ýetiriň.
4
Bulgury (göwrümi azyndan 350ml bolmaly) EASY DE-CALC nurbadynyň aşagynda tutuň we
nurbady sagadyň diliniň tersine aýlaň (Şekil 17).
5
EASY DE-CALC nurbadyny aýryň we kesmegiň bölejikleri bilen suwuň bulgura akmagyna maý
beriň (Şekil 18).
6
Enjamy EASY DE-CALC agzy ýokary seredip durar ýaly edip saklaň we deşikden 900ml
distillirlenen suw guýuň (Şekil 20).
Bellik: Enjamy egeniňizde onuň agyrdygyny göz öňünde tutuň.
7
EASY DE-CALC agzyny ýokary sereder ýaly edip saklaň, EASY DE-CALC nurbadyny ýerine dakyň
we ony berkitmek üçin sagadyň diliniň ugruna aýlaň (Şekil 21).
8
Enjamy durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň. Enjamy toga dakyň we ony işlediň (Şekil 22).
9
Enjamyň gyzmagy üçin 5 minut garaşyň.
10
Ütügi galyň mata böleginiň üstünde 3 minutlap hereket etdiriň we şol wagtyň dowamynda bug
goýberiji düwmäni basyp saklaň (Şekil 15).
Duýduryş: ütügiň dabanyndan gyzgyn, hapa suw çykýar.
11
Suwuň akmagy kesileninde ýa-da bug çykyp başlanynda, ütügi hereket etdirmegi bes ediň.
12
Ütügi ulanmaga dessine dowam edip bilersiňiz. Ulanmajak bolsaňyz, kesmegini aýyrmak
tamamlanandan soň enjamy tokdan aýryň.
Ammarda saklamak
1
Enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň.
2
Suw gabyny aýryň we ony boşadyň.
3
Ütügi özüniň platformasynda ýerleşdiriň. Ütügi platforma ildirmek üçin göteriş ildirgijini itiň.
4
Üpjünçilik şlangasyny we elektrik kabelini epläň. Olary özleriniň saklanýan bölüminde
ýerleşdiriň. (Şekil 23)
5
Ütügiň tutawajyndan tutmak arkaly enjamy bir elde göterip bilersiňiz.
Suw gabyny goýberýän ryçagdan tutmak arkaly enjamy götermäň
Summary of Contents for PerfectCare Elite GC9600 Series
Page 170: ......