Guratmak
1
Sterilizatory gurnaň (“Sterilizatory gurnamak” bölümine serediň) we guradylmaly
zatlary oňa salyň.
Bellik: Ähli bölekleri doly sökülendigine we netijeli guradylmagy üçin olaryň açyk
tarapynyň aşak edilip sebede ýerleşdirilendigine göz ýetiriň.
Seresap boluň. Guratmak başlanynda sterilizatordan gyzgyn bug çykýar.
2
Gapagy kiçi ýa-da uly sebediň üstünde goýuň.
3
Wilkany diwar rozetkasyna dakyň.
4
Açýan/öçürýän düwmäni "Guratmak" tertibine geçirip.
Soňra enjamy açmak üçin ony basyň.
•
Takmynan 30 sekunt soň guratmak başladylýar. Enjam
zatlary guratmak üçin ýyly howa öndürip başlaýar.
•
Enjamyň guradyp durandygyny görkezmek üçin progres
görkeziji çyralar haýallyk bilen ýanyp-öçýär.
•
Guratmak işi tamamlananda çyralar öçýär we enjam
awtomatik usulda öçýär.
Seresap boluň: Işledilýän wagty we işledilmeginiň yzysüre
esas bölümi, sebetler we gapak gyzgyn bolýar.
2
1
5
Gapagy aýryň.
6
Çüýşeleri we beýleki zatlary sebetden aýryň. Zatlary aýyrmak üçin, pinsetden
peýdalanyň.
Seresap boluň. Guradylan zatlar henizem gyzgyn bolup biler.
Bellik: Guradylan zatlary ellemezden öň, elleriňizi mazaly ýuwuň.
Bellik: Guratmagyň netijesi daşky gurşawyň temperaturasyna, daşky gurşawyň
çyglylygyna we sterilizatoryň ýüküne baglylykda üýtgäp biler. Zerur bolsa, ýene bir
guradyş döwresini işledip bilersiňiz.
7
Enjamy tokdan aýryň we enjam doly sowaýança garaşyň.
- Türkmençe 183 -