-
Enjam işleýän wagty örän gyzgyn bolýar we oňa degilse,
ýanyklara sebäp bolup bilýär�
-
Gapakdaky agyzdan çykýan gyzgyn bugdan ýa-da gapagy
aýranyňyzda çykýan bugdan ägä boluň. Bug ýanyklara sebäp
bolup bilýär�
-
Enjam işläp durka ýa-da işläniniň yzysüre onuň esasyny,
sebetleri ýa-da gapagy ellemäň, sebäbi olar örän gyzgyn
bolýar. Diňe tutawajyndan tutmak arkaly ýokary galdyryň.
-
Enjam işläp durka ýa-da onuň içindäki suw henizem gyzgyn
wagty enjamy süýşürmäň ýa-da açmaň.
-
Enjam işläp durka onuň üstünde hiç zat goýmaň.
-
Diňe hiç hili goşundysyz suwy ulanyň.
-
Enjamyň içine agardyjy ýa-da başga himiklatlary salmaň.
-
Suw gabyna 130 ml möçberinden artyk suw guýmaň.
-
Diňe bäbekleriň çüýşelerini we sterilizasiýa edilmäge degişli
beýleki zatlary sterilizläň. Sterilizlemek isleýän zatlaryňyzyň
sterilizatorlara laýyk gelýändigini anyklamak üçin, ulanyjy
gollanmasyny barlaň.
-
Işi duruzmak isleseňiz, enjamy öçürmek üçin açýan / öçürýän
düwmesini basyň.
-
Enjam diňe öý şertlerinde ulanylmaga niýetlenilýär.
-
Şikes ýetmäniň öňüni almak üçin sterilizatory niýetlenilýän
ulanyşyndan başga maksatlar üçin ulanmaň.
Seresap boluň
-
Beýleki öndürijilerden alnan ýa-da Philips tarapyndan ýörite
maslahat berilmeýän aksessuarlary ýa-da şaýlary hiç haçan
ulanmaň. Şeýle aksessuarlary ýa-da şaýlary ulanan halatyňyzda
size berlen kepilligiň güýji ýitýär.
-
Enjamy çendenaşa gyzgyna ýa-da günüň göni düşýän
şöhlesine sezewar etmäň.
-
Enjamy süýşürmezden ýa-da ammarda saklamazdan ozal
elmydama onuň sowamagyna maý beriň.
-
Ulanylýan wagty elýeter ýüzleri gyzgyn bolup biler.
- Türkmençe 171 -