164
Näsazlyk
Ähtimal sebäbi
Çözgüt
Çökündileri aýyrmagy ýerine
ýetirýänçäňiz bug funksiýasy
işlemez ýaly edildi.
Bug funksiýasynyň gaýtadan işläp
başlamagy üçin çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetiriň. (“Arassalamak we
abatlamak” bölümine serediň)
Ütükläp başlanyňyzda bug
goýberiji düwme ýeterlik
wagtlap basylyp saklanmandyr.
Bug çykyp başlaýança bug goýberiji
düwmäni basyň. Buguň çykyp başlamagy
üçin 30 sekunt töweregi wagt gerek bolup
biler.
CALC-CLEAN düwmesiniň
çyrasy ýanyp-öçýär we
enjam sesli duýduryş
berýär.
Bu çökündileri aýyrmalydygy
barada ýatladyjy bolup durýar.
Çökündileri aýyrmak barada duýduryş
berleninden soň çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetiriň (“Arassalamak we
abatlamak” bölümine serediň).
Ütügiň dabanyndan bug
çykmaýar, CALC CLEAN
düwmesiniň çyrasy ýanyp-
öçýär we enjam sesli
duýduryş berýär.
Çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetirmänsiňiz ýa-da
tamamlamansyňyz.
Bug funksiýasynyň gaýtadan işläp
başlamagy üçin çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetiriň (“Arassalamak we
abatlamak” bölümine serediň).
Enjam öçürilipdir.
Awto-öçürmek funksiýasy
awtomatik usulda işjeňleşýär.
Enjam 5 minutlap ulanylmasa,
ol garaşýan tertibe geçýär we
ýene 10 minutlap ulanylmasa,
enjam öçýär.
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin
açýan/öçürýän düwmäni basyň. Enjam
gaýtadan gyzyp başlaýar.
Enjamdan batly nasos sesi
eşidilýär.
Suw gaby boş.
Suw gabyny suw bilen dolduryň we
nasosyň sesi ýuwaşaýança hem-de ütügiň
dabanyndan bug çykyp başlaýança bug
goýberiji düwmäni basyň.
Ütügiň dabanyndan suw
damjalary çykýar.
Çökündileri aýyrmak ýerine
ýetirileninden soň galan suw
ütügiň dabanyndan damyp
biler.
Ütügiň dabanyny mata bilen süpüriň.
Çökündileri aýyrmak funksiýasynyň
çyrasy henizem ýanyp-öçýän we enjam
sesli duýduryş berýän bolsa, çökündileri
aýyrmagy ýerine ýetiriň (“Arassalamak we
abatlamak” bölümine serediň).
Güýçli bug funksiýasyny
çendenaşa ýygy ulanypsyňyz.
Diňe aýrylmasy kyn ýygyrtlary aýyrmak
üçin güýçli bug funksiýasyny ulanyň. Ony
3 minudyň dowamynda 5 gezekden köp
ulanmazlyk maslahat berilýär.
Çökündileri aýyrmak
tamamlanmandyr.
Çökündileri aýyrmagy gaýtadan ýerine
ýetirmeli (“Arassalamak we abatlamak”
bölümine serediň).
Bugy birinji gezek ulananyňyzda
ýa-da ony uzak wagtlap
ulanmadyk bolsaňyz, bug
şlanganyň içinde suwa
öwrülýär.
Bu adaty ýagdaýdyr. Ütügi eşikden başga
tarapa tutuň we bug goýberiji düwmäni
basyň. Ütügiň dabanyndan suwuň ýerine
bug çykyp başlaýança garaşyň.
Ütügiň dabanyndan
bulançak suw we hapa
çykýar.
Suwuň düzümindäki hapalar
ýa-da himikatlar ütügiň howa
agyzlarynda we/ýa-da ütügiň
dabanynda çöküpdir.
Çökündileri aýyrmagy wagtly-wagtynda
ýerine ýetiriň (“Arassalamak we
abatlamak” bölümine serediň).
Türkmençe
Содержание GC6800 Series
Страница 170: ......